Bazary öwreniş
we monitoring
Mümkinçiliklerimiz
Türkmenistanda iş alyp barmak boýunça
toplumlaýyn maslahat bermek
Консультативные услуги:
  • Maslahat beriş hyzmatlary: täjirçilik, dolandyryş, maliýe, tehniki, töwekgelçilik we kanuna laýyklyk, strategiýa
  • Bäsleşiklere (tender) gatnaşmak
    boýunça maslahat bermek
    Taslamany dolandyrmak
    boýunça maslahat bermek
    Inženerçilik we tehniki meseleler
    boýunça maslahat bermek
    Maýa goýum boýunça maslahat bermek
    Bazary öwreniş we monitoring
    Mümkinçilikleri ösdürmek (Hünär okuwy)
    Türkmenistanda iş alyp barmak boýunça toplumlaýyn maslahat bermek
    Kompaniýamyz Türkmenistanda işewürlik boýunça toplumlaýyn maslahat bermek hyzmatyny hödürleýär. Biziň işine ussat hünärmenlerimiz degişli taraplary ýerli kanunçylygyna we talaplara laýyklykda iş alyp barmak boýunça maslahat berýärler.
    Maslahat beriş hyzmatlary (täjirçilik, dolandyryş, maliýe, tehniki, töwekgelçilik we kanuna laýyklyk, strategiýa)
    Biziň kompaniýamyz birnäçe maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýär. Olar işiň täjirçilik, dolandyryş, maliýe, tehniki, töwekgelçilik we kanuna laýyklyk, strategiýa ýaly ugurlaryny öz içine alýar. Yzygiderli üýtgäp durýän bazar şertleri häzirki zaman işewürlik çözgütlerini talap edýär. Bu bolsa biziň işine ussat maslahatçylarymyzyň ýerine ýetirýän işidir.
    Bäsleşiklere (tender) gatnaşmak boýunça maslahat bermek
    Biziň kompaniýamyz halkara kompaniýalary we guramalaryna bäsleşiklere (tender) gatnaşmak boýunça maslahat beriş hyzmatyny hödürleýär. Biz müşderilemiziň adyndan, degişli işleriň ählisini ýokary netijelilikde, öz wagtynda we professional derejede ýerine ýetirýäris.
    Taslamany dolandyrmak boýunça maslahat bermek
    Biziň kompaniýamyz taslamany dolandyrmak boýunça giňişleýin maslahat bermek (konsalting) hyzmatyny hödürleýär. Bu hyzmatlara şu aşakdakylar (diňe bular bilen çäklenmän) degişlidir: taslamanyň strategiýasyny we meýilnamasy taýýarlamak we ýerine ýetirmek; harytlary (we/ýa-da hyzmatlary) getirmek işini goldamak we monitoring; ýerine ýetirlen işleriň hasabatyny tabşyrmak; şertnamany talabalaýyk ýerine ýetirmeklik; işleri ugrukdyrmak we dolandyrmak hem-de mümkinçilikleri ösdürmek (hünär okuwy). Biziň hünärmenlerimiziň halkara ösüş banklary hem-de halkara maliýe institutlary tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamalarda uly iş tejribeleri bardyr. Olara mysal hökmünde Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankyny, Aziýanyň ösüş bankyny agzap bolar. Biziň taslamany dolandyrmak boýunça konsalting hyzmatlarymyz esasan üç pudaga degişlidir. Ol ugurlar nebit we gaz, deňiz-derýa senagaty we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri pudagydyr.
    Inženerçilik we tehniki meseleler boýunça maslahat bermek
    Biziň kompaniýamyz inženerçilik we tehniki maslahat beriş hyzmatlary şu üç ugur boýunça hödürleýär: nebit we gaz, deňiz-derýa senagaty we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri. Biziň örän professional maslahatçylarymyzyň bar bolan nouhaw we tejribesi olaryň ýokary derejeli çözgütleri hödürlemegine ýardam edýär.
    Maýa goýum boýunça maslahat bermek
    Her bir edara-kärhana işini has-da ösdürmegi maksat edinýär. Işi has-da ösdürmek bolsa örän möhüm we ähmiýetli meseledir. Dowam edýän işiň görnüşine ýa-da täze bir işe maýa goýum goýmaklyk ýeterlik taslama-taýýarlyk işini talap edýär. Biziň maslahatçylarymyzyň ýardamy bilen, müşderilemiz öz işlerini üstünlikli ösdürmek üçin zerur bolan nouhawlary gazanýarlar.
    Söwda (eksport, import) boýunça maslahat bermek
    Biz önüm öndürijiler bilen önümlerini eksport etmek hem-de çig mal satyn almak babatda hyzmatdaşlyk edýäris. Biz müşderilemiziň täze bazarlara önümlerini çykarmagy bilen olaryň önümçiligini has-da giňeltmegi üçin täze mümkinçilikleri döredýäris.
    Takyk tejribe, töwekgelçiligi aradan aýyrmak we işi kämil derejede dolandyrmak
    Bazardaky bäsdeşlikde öňe saýlanyp, ösüş gazanmak üçin işi dolandyrmakdaky kämillik möhüm strategiýadyr. Biziň kompaniýamyzyň goldawy bilen, müşderimiz töwekgelçiligi aradan aýyrmak bilen işi kämil derejede dolandyrmagy üpjün eder.
    Bazary öwreniş we monitoring
    Biziň kompaniýamyz düýpli bazary öwreniş we monitoring hyzmatyny hödürleýär.
    Mümkinçilikleri ösdürmek (Hünär okuwy)
    Biziň kompaniýamyz dürli ugurlar boýunça mümkinçilikleri ösdürmek (hünär okuwy) hyzmatyny hödürleýär. Biziň professional maslahatçylarymyz müşderiniň işi düýpli özgerdip, dolandyryş, maliýe we guramaçylyk taýdan täze dereje çykarýar.
    Biziň mümkinçiliklerimiz ...