Esasy / Biz barada

Biz barada

“Maslahatçylar” Hojalyk Jemgyýeti hususy eýeçilikdäki we Döwlet eýeçiligine degişli öňberajy kompaniýalar we guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen, olaryň bar bolan bökdençliklerini aradan aýyrýar we ösüş mümkinçiliklerini ýüze çykarýar.

Kompaniýa Aşgabat şäherinde esaslandyryldy. Biz hususy pudaga we Döwlet eýeçiligine degişli kompaniýalardyr guramalara toplumlaýyn çözgütleri hödürlemegi maksat edinýäris. Biziň işe bolan düýpgöter özgerdiji çemeleşmämiz müşderilerimiziň uzak möhletleýin ösüşini üpjün edýär. Biz durnukly ösüşe, umumy bähbide hem-de köp dürlilige uly ähmiýet berýäris.

Biziň işe bolan çemeleşmämiz maksada okgunly işgärlerimiz tarapyndan kesgitlenýär. Biziň hyzmatdaşlarymyz hemişe öňdebaryjy çözgütleri hödürleýärler. Bu aýratynlyk Türkmenistanda diňe biziň kompaniýamyza mahsus ýagdaýdyr.

Kompaniýa diňe bir Türkmenistan bilen çäklenmän, eýsem-de Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Azerbeýjan we Gruziýany öz içine alýan Hazar sebitinde möhüm orun eýelemegi maksat edinýär. Kompaniýamyz Hazar sebitinde toplumlaýyn çözgütleri hödürleýän ýeke-täk kompaniýadyr.

“Maslahatçylar” HJ biziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän ähli taraplary hemişe uly gyzyklanma bilen garşylaýar.

Biziň mümkinçiliklerimiz ...